| Ashgabat | 15°C
Gyzykly maglumat 27.10.2026, 14:11 10

Türkmen halkynyň gadymy atyr öndürmek sungaty barada bilýärdiňizmi?!

Türkmen halkynyň gadymy atyr öndürmek sungaty barada bilýärdiňizmi?!

Türkmenistanda atyr önümçiliginiň taryhy müňýyllyklara, gadymy daş asyryna we Beýik Ýüpek ýolunyň döwürlerine baryp ýetýär.

Gaýly gowakdan tapylan b.e.ö. IX–VIII asyrlara degişli tapyndylar we arheologik barlaglar adamlaryň entek daş asyrynda hem ys beriji serişdeleri ulanandygyny subut edýär.

1942-nji ýylda Daşrabat depesinden tapylan atyr gapjagazlary orta asyrlarda hem bu medeniýetiň dowam edendigini görkezýär.

Merwde we Nusaýda müşk-anbar önümleri taýýarlanylyp, halkara bazarlara çykarylypdyr.

Zenanlarymyz müşki göni derä däl-de, ýüpek matalara siňdirip, gupba hem-de tumarlarda saklapdyrlar. Bu usul ysyň uzak wagtlap saklanmagyna mümkinçilik beripdir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!

Şeýle hem okaň
02
Testler barada
Gyzykly maglumat