| Ashgabat | 18°C
Tehnologiýalar 29.10.2026, 12:34 3

Toyota Sienna-larynda näsazlyklar ýüze çykyp başlady

Toyota Sienna-larynda näsazlyklar ýüze çykyp başlady

Toyota kompaniýasy ABŞ-nyň bazaryndaky 228 367 sany awtoulagyny tehniki gözegçilikden geçirmek we ýüze çykarylan näsazlyklary düzetmek üçin yzyna çagyrýandygyny mälim etdi.

Bu barada Reuters gullugy ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň (NHTSA) maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Degişli çäre 2022–2026-njy ýyllar aralygynda öndürilen gibrid dwigatelli Toyota Sienna modellerine degişlidir.

Hünärmenleriň bellemegine görä, awtoulag öň tarapdan güýçli urga sezewar bolanda ýa-da çaknyşyk ýüze çykanda, otyrgyçlaryň arka bölegi gulplaryndan boşap biler.

Bu ýagdaý bolsa ulagda oturan adamlaryň şikes alma töwekgelçiligini ýokarlandyryp biler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!