Motosikl jaýa öwrüldi
Amerikanyň «Sidewinder Campers» kompaniýasy motosiklçiler üçin niýetlenen «Nomad» atly iň kiçi ýaşaýyş jaý tirkegini tanyşdyrdy.
Adaty tirkeglerden tapawutlylykda, bu gurnama ulagyň gapdal tarapyna berkidilýär we uzak ýol sökýänleriň ýüküni ep-esli ýeňledýär.
Tirkegiň uzynlygy 2,13 metre, ini bolsa 1,22 metre barabar bolup, döredijileriň tassyklamagyna görä, onda iki uly adam rahat ýerleşip biler.
Ýeňil hem berk materiallardan ýasalan bu «tigirli jaýyň» boş agramy bary-ýogy 160 kilogramdan geçmeýär.
Ony motosikla durnukly dakmak üçin ýörite berk metal adapterler ulanylýar.
Esasy enjamlaşdyryşda akkumulýator, suw çelegi we kiçiräk aşhana göz öňünde tutulan. Şeýle hem islege görä gün panellerini, kondisioneri we açylyp-ýapylýan çadyr-bassyrmany goşup bolýar.
Gurnamanyň aşaky böleginde dürli ýol harytlaryny we ownuk zatlary tertipli saklamak üçin ýörite bölümler bar.
Häzirlikçe öndüriji tarapyndan bu täsin ulag tirkeginiň nähili bahadan satyljakdygy barada maglumat berlenok.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!