Trump Phone synagdan geçirildi
Barlagyň netijeleri iFixit hünärmenleriniň ozal bildiren pikirlerini doly tassyklady. «Made in USA» (häzirki «Proudly American») diýlip mahabatlandyrylan bu enjam hakykatda 2024-nji ýylda çykarylan «HTC U24 Pro» smartfonynyň diňe daşky reňki üýtgedilen görnüşidir. Smartfonlaryň içki platalary, kameralarynyň ýerleşişi, interfeýsleri we ähli tehniki häsiýetnamalary bir-birinden tapawutlanmaýar. Bloger hatda iki enjamyň böleklerini özara çalşyryp barlady we olaryň doly gabat gelýändigini görkezdi.
Enjamyň «altyn» reňkli plastik korpusy we gyralary örän aňsatlyk bilen çyzylýar. Şeýle hem arka tarapdaky ABŞ-nyň baýdagynyň suratynda ýalňyşlyk goýberilipdir: 13 zolagyň ýerine diňe 11 zolak çekilipdir.
Ekran döwrebap standartlara laýyk gelýär. Mohs şkalasy boýunça 6-njy derejede ýeňil, 7-nji derejede bolsa has çuň çyzyklar emele geldi. Şeýle-de displeý açyk oduň täsirine gowy çydady. Korpusy bükmäge synanyşylanda bolsa ol döwülmedi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!