| Ashgabat | 19°C
Jemgyýet 26.10.2026, 12:47 5

Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Adalat köşgüniň mejlisler zalynda «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlary we diňleýjileri, talyp ýaşlar, şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Çykyşlarda häzirki wagtda milli kanunçykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyna, onuň umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalary bilen sazlaşdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!