Ýaňy ýöräp başlan çagalaryň ejeleri!
Bäbekleriň ilkinji ädimlerinde ene-atalaryň goýberýän 3 esasy ýalňyşlygy näme?
Esasy we iň köp goýberilýän ýalňyşlyk — «hodunok» ulanmak. Geçirilen barlaglara görä, hodunoklar bäbekleriň çalt ýöremegine kömek etmeýär. Gaýtam, olar çaganyň tebigy ösüşini gijikdirip biler.
Ikinji ýalňyşlyk — gaty we agyr aýakgaplary geýdirmek. Barlaglar bäbekleriň ilkinji ädimlerini ýalaňaç aýak bilen ýa-da ýumşak joraplarda we aýakgaplarda ädende deňagramlylygyny has gowy saklap bilýändigini görkezýär.
Bäbegiň daban töweregindäki nerw uçlary ýer bilen göni gatnaşykda bolanda, beýnä ýer barada degişli signallar barýar we çaga öz deňagramlylygyny saklamagy öwrenýär.
Üçünji ýalňyşlyk — çaga her gezek ýykylanda howsala düşüp, ony dessine götermek we goh etmek.
Eger ene-ata çaga her gezek ýykylanda: «Wah, agyrtdyňmy?!» diýip, örän aladaly we gorkuly ses bilen ýanyna ylgap barsa, çagada «ýöremek howply zat» diýen psihologik gorky we ynamsyzlyk döräp biler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!