| Ashgabat | 19°C
Jemgyýet 26.10.2026, 12:49 5

Köp dilli bilim bermek boýunça sebit dialogy geçirildi

Köp dilli bilim bermek boýunça sebit dialogy geçirildi

Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bilim ulgamyna gözegçilik edýän ministrleriniň köp dilli bilim bermek ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan tegelek stoly geçirildi.

Oňa sebitiň döwletleriniň degişli edaralarynyň wekilleri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşdylar.

Tegelek stoluň dowamynda köp dilli bilim bermek boýunça halkara çemeleşmeleri nazara almak bilen, milli bilim ulgamlaryny kämilleşdirmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Gatnaşyjylar dil başarnyklaryny ösdürmegiň, bilim maksatnamalarynyň hilini ýokarlandyrmagyň we mugallymlaryň hünär mümkinçiliklerini berkitmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!