Türkiýä uçuşlar köpeldildi
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy 26-njy oktýabrdan başlap Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugry boýunça hepdede 18 uçuş amala aşyrar. Bu tertip 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 27-nji martyna çenli hereket eder.
Her tarapa her gün iki uçuş amala aşyrylar. Ýagny, Stambuldan TK322 belgili uçuş sagat 21:15-de ugraýar we Aşgabada 02:55-de gelýär. Şeýle-de, TK324 belgili uçuş sagat 01:55-de ugraýar we 07:40-da Aşgabada gelýär.
Aşgabatdan bolsa TK323 belgili uçuş sagat 04:15-de ugraýar we Stambula 06:30-da barýar. TK325 belgili uçuş sagat 09:00-da ugraýar we 11:10-da Stambula gelýär.
Şeýle-de, duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günlerinde uçuşlaryň üçünji tapgyry amala aşyrylar. TK320 belgili uçuş Stambuldan sagat 14:25-de ugraýar we Aşgabada 20:10-da gelýär. TK321 belgili uçuş bolsa Aşgabatdan sagat 21:30-da ugraýar we Stambula 23:45-de barýar.
Agzalan uçuşlaryň ugraýan we gelýän wagtlary ýerli wagt bilen görkezilendir.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!