Emeli aň arkaly döredilen wirus ýokaşdyryldy
ABŞ-daky öňdebaryjy biotehnologiýa startap kompaniýalarynyň biri ýörite emeli aňyň kömegi bilen döredilen wirus derman serişdesini agyr keselli näsaga sançdy. Bu tejribe adaty dermanlar täsir etmeýän çylşyrymly infeksiýalara garşy göreşmekde düýpli öwrülişik bolup biler.
Mälim bolşy ýaly, täze serişde bejergisi kyn bolan we antibiotikleriň hiç hili täsir etmeýän durnukly mikroblara garşy niýetlenendir. Bakteriofaglar — diňe belli bir bakteriýalary ýok etmäge ukyply tebigy wiruslardyr.
Şu gezekki synag adaty bejergiler netijesiz bolan ýagdaýlarda ulanylýan ýörite «ylmy-rehimdarlyk» maksatnamasynyň çäginde amala aşyryldy. Hünärmenler näsagyň şahsyýeti we keseliniň takyk diagnozy baradaky maglumatlary gizlin saklaýarlar.
Dermanyň düýp özenini ýaş barlagçylaryň işläp çykan «SynthoPhage» atly intellektual programma üpjünçiligi düzýär. Barlaghanada geçirilen ilkinji synaglarda bu algoritmiň örän ýokary netijelilik görkezendigi mälim edildi.
Sanly ulgam zyýanly mikroblaryň genotipini derňäp, olara garşy iň täsirli boljak iki görnüşi ýüze çykarypdyr.
Algoritm diňe bir içege taýajyklaryna däl, eýsem adam saglygy üçin howply bolan gök iriň taýajygy (Pseudomonas aeruginosa) ýaly çylşyrymly mikroorganizmlere garşy hem göreşmek ukybyna eýedir.
Bu bakteriýalar, esasan, ýaralarda, ýanyk şikeslerinde we öýken kesellerinde agyr gaýragoýmalara getirip bilýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!