| Ashgabat | 19°C
Tehnologiýalar 26.10.2026, 16:53 1

Fransiýada emeli aň bilen ýazylan kitap üçin täze baýrak döredildi

Fransiýada emeli aň bilen ýazylan kitap üçin täze baýrak döredildi

Fransiýanyň edebiýat äleminde emeli aňyň orny baradaky jedeller möwç alýan mahaly, bu ugra degişli nobatdaky möhüm ädim ädildi.

Ýurtda adam bilen emeli aňyň hyzmatdaşlygynda döredilen eserlere beriljek «Prix Pascal de Littérature IA» atly täze edebiýat baýragy döredildi.

«Prix Pascal» baýragyny esaslandyryjylar emeli aňy gizlemegi däl-de, eýsem onuň ulanylandygyny açyk görkezmegi talap edýärler.

Bu taslama adamyň we maşynyň bilelikdäki döredijiliginiň çäklerini hem-de gelejegini ara alyp maslahatlaşmak üçin özboluşly meýdança bolar.

Bäsleşige dünýäniň haýsy ýurdunda ýaşaýandygyna garamazdan, fransuz dilinde ýazýan ähli ýazyjylar gatnaşyp biler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!