Hytaý alymlary ilkinji gezek robot arkaly operasiýa geçirdiler
Hytaýda ilkinji gezek robot lukmanyň kömegi bilen ýürek göçüriliş operasiýasy üstünlikli amala aşyryldy.
Bu möhüm lukmançylyk täzeligi Sian Jiaotong uniwersitetiniň Birinji kliniki hassahanasynda bellige alyndy.
67 ýaşly näsaga kömek bermek üçin adaty 20 santimetrlik uly kesimiň ýerine, gapyrgalaryň arasyndan bary-ýogy 8 santimetrlik ýer açyldy.
Döş süňküni kesmek zerurlygy aradan aýrylyp, köp gan ýitirmegiň we ýokanç keselleriň döremek howpy ep-esli peseldildi.
Hünärmenler bu tehnologiýanyň agyr ýagdaýdaky näsaglary halas etmekde uly mümkinçilik döredýändigini belleýärler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!