| Ashgabat | 19°C
Tehnologiýalar 26.10.2026, 14:05 1

Audi ABŞ-da täze zawod gurar

Audi ABŞ-da täze zawod gurar

Germaniýanyň belli awtoulag brendi Audi ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynda iri önümçilik meýdançasyny gurmagy meýilleşdirýär.

Jorjiýanyň Meýkon şäheriniň ýakynynda guruljak täze kärhana üçin 4 milliard dollar maýa goýum serişdesi gönükdiriler. Kärhanada her ýyl 200 müň sany krossower görnüşli ulag öndürmek meýilleşdirilýär.

Zawodyň gurluşygy 2027-nji ýylda başlanyp, önümçilik 2030-njy ýyllaryň başynda doly işe giriziler. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Amerikada 4 500 töweregi täze iş ýeri dörediler.

Täze zawodyň gurluşygy ABŞ-nyň gümrük syýasaty bilen hem gös-göni baglanyşyklydyr. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp awtoulaglara hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryna girizilen gümrük paçlarynyň daşary ýurt öndürijilerini önümçiligi ýurduň içine geçirmäge mejbur edendigini aýtdy.

Global brend öz ulaglaryny Ýewropadan we Meksikadan import edendigi sebäpli geçen ýyl 1,4 milliard dollar möçberinde goşmaça paç tölemeli bolupdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!