| Ashgabat | 14°C
Sport 28.10.2026, 17:04 6

Hytaýly telekeçi motosiklde derýanyň ýüzi bilen 41 km ýol geçdi

Hytaýly telekeçi motosiklde derýanyň ýüzi bilen 41 km ýol geçdi

«Zhang Xue Motor» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Çžan Sýue Hunan welaýatynyň Maýan etrabynda ýörite enjamlaşdyrylan motosiklde derýanyň ýüzi bilen 40,74 kilometr aralygy basyp geçdi.

Ol bu menzili takmynan 32 minutda tamamlap, öňki 31,8 kilometrlik netijäni täzeledi we Ginnesiň rekordyna eýe boldy.

Synagda ulanylan MX450 kysymly motosikl suwda hereket etmäge doly uýgunlaşdyryldy. Hünärmenler oňa ýüzgüçler, ýörite lyžalar, ulaldylan ýangyç çelegini we suwdan goraýjy örtükleri dakdylar.

Şeýle-de, yzky tigire oturdylan pilçeler hereket üçin kuwwat berýän bolsa, öň tarapy ulagy dolandyrmaga mümkinçilik berdi.

Bu üstünlige ýetmek üçin telekeçi 17 ýyl sarp etdi. Ol ilkinji synanyşygyny heniz 22 ýaşyndaka, 2009-njy ýylda başlap, şonda bary-ýogy 20 metr aralygy geçip bilipdi.

Topary bilen birnäçe aýlap durnuklylyk we suw geçirmeýänlik ugrunda işlän inžener bu gezek howpsuzlygy birinji orunda goýup, tizligi çäklendirendigini we netijäni 100 baldan 99 bal bilen bahalandyrandygyny belledi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!