| Ashgabat | 15°C
Sport 27.10.2026, 11:50 12

Harry Keýn «Altyn topa» eýe boldy

Harry Keýn «Altyn topa» eýe boldy

Mýunheniň «Bawariýa» toparynyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňdäki hatar hüjümçisi Harri Keýn Ýewropa futbolynyň iň ýokary şahsy sylagyna — «Altyn topa» mynasyp boldy.

Bäsdeşlikde ol Kilian Mbappe hem-de ýaş zehin Lamin Ýamal ýaly güýçli garşydaşlaryny yzda galdyrdy.

Dabaraly çäre 26-njy oktýabrda London şäherindäki meşhur «London Palladium» teatrynda geçirildi. Bu möhüm waka baýragyň 70 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Fransiýanyň çäginden daşarda guralmagy bilen hem taryha ýazyldy.

Türgen üçin bu möwsüm karýerasyndaky iň ýokary basgançak boldy. Ol «Bawariýanyň» düzüminde jemi 61 gol geçirip, klubuna Germaniýanyň Bundesligasyny we ýurduň Kubogyny gazanmaga uly goşant goşdy.

Şeýle-de, dünýä çempionatynda 6 gol geçirip, Angliýanyň ýygyndysynyň ýarym finala çykmagyna uly goşant goşdy.

Esasy baýrak gowşurylmanka, Keýn möwsümiň iň netijeli hüjümçisi hökmünde Gerd Mýuller adyndaky sylaga-da mynasyp boldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!