| Ashgabat | 15°C
Sport 27.10.2026, 11:46 8

«Arsenal» klubynyň ýyldyzy Saka mätäçlere beren kömegi üçin Sokrates baýragyna mynasyp boldy

«Arsenal» klubynyň ýyldyzy Saka mätäçlere beren kömegi üçin Sokrates baýragyna mynasyp boldy

Angliýanyň «Arsenal» klubunyň hem-de milli ýygyndynyň ýyldyzy Bukaýo Saka halkara arenasyndaky haýyr-sahawat işleri sebäpli abraýly sylaga mynasyp boldy.

Ýaş ýarym goragçy «Big Shoe» atly halkara gazna arkaly dünýäniň dürli künjeklerindäki mätäç çagalara hem-de maşgalalara ynsanperwer kömegini berdi.

Bu hyzmatdaşlygyň çäginde Afrika sebitlerinde ýüzden gowrak çaganyň operasiýa edilmegine maliýe taýdan ýardam berildi, şeýle hem Türkiýe bilen Marokkoda ýüze çykan tebigy betbagtçylyklardan ejir çekenler üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlary guruldy.

Sport äleminde jemgyýetçilik işlerine berilýän bu sylag 2022-nji ýylda döredilip, ozal oňa Sadio Mane hem mynasyp bolupdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!