Pathfinder krossoweriniň 40 ýyllyk ýubileýine niýetlenen täze nusgasy tanyşdyryldy
Ýapon awtoöndürijisi Nissan meşhur Pathfinder modeliniň 40 ýyllyk ýubileýi mynasybetli 2027-nji model ýyly üçin Pathfinder Special Edition diýlip atlandyrylan täze görnüşini köpçülige hödürledi.
Täze ýubileý nusgasynyň dizaýn konsepti 1987-nji ýylda çykan ilkinji nesil Pathfinder modelinden ylham alnyp taýýarlanyldy.
Salonyň bezeginde 80-nji ýyllaryň ruhuny şöhlelendirýän goýy gyzyl we gara reňkleriň utgaşmasy ulanylypdyr.
Ulagyň daşky görnüşinde gara reňkli 20 dýuýmlyk ýeňil garyndyly diskler, şeýle hem kuzowyň yzky sütünlerindäki ýörite ýubileý nyşanlary ünsi çekýär.
Bu model 2026-njy ýylyň noýabr aýyndan başlap ABŞ-nyň bazarynda elýeterli bolar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!