| Ashgabat | 17°C
Tehnologiýalar 27.10.2026, 10:53 8

«AgiBot» robotlaryň sazlaşykly tansy bilen Ginnes rekordyny täzeledi

«AgiBot» robotlaryň sazlaşykly tansy bilen Ginnes rekordyny täzeledi

Hytaýyň Şandun welaýatynyň Jinan şäherinde tehnologik taýdan uly üstünlik gazanyldy.

«AgiBot» kärhanasynyň «Expedition A3» kysymly 110 sany adam şekilli roboty bir wagtda sazlaşykly tans edip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy.

Ajaýyp görkeziş kompaniýanyň birnäçe robotyň hereketini bir wagtda dolandyrmak üçin döreden «LinkBots» ulgamyny iş ýüzünde synagdan geçirmek maksady bilen guraldy.

Agzalýan ulgam her bir robotyň santimetr takyklygynda hem-de özara doly sazlaşykda bökmegini, öwrülmegini we meýdançada hatara düzülmegini üpjün etdi.

Soňky döwürde Hytaýyň tehnologiýa sektorynda adam şekilli robotlaryň fiziki mümkinçiliklerini ösdürmekde uly ösüşler gazanylýar.

2026-njy ýylyň aprelinde «Honor» kompaniýasynyň roboty ýarym marafon aralygyny 50 minut 26 sekuntda geçip, dünýä rekordyny eýeledi.

Awgust aýynda Beijing Humanoid Robot Innovation Center tarapyndan işlenip düzülen «Tiangong Ultra» roboty 100 metr aralygy ylgap geçmekde iň ýokary netijäni görkezdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!