Kosmos teleskopy ençeme ýyllyk missiýasyny tamamlady
Gün ulgamynyň aňyrsyndaky syrlary açmaga uly goşant goşan «Swift» kosmos gözegçilik enjamy öz işini resmi taýdan jemledi.
2004-nji ýylyň noýabr aýynda kosmosa uçurylan bu meşhur obserwatoriýa taslamada göz öňünde tutulan möhletden 10 esse uzak — takmynan 22 ýyllap gözleglerini üstünlikli dowam etdirdi.
Enjamyň işiniň saklanmagyna onuň Ýer orbitasyndaky beýikliginiň 275 kilometrden hem peselmegi sebäp boldy. Şeýle pes belentlikde atmosferanyň garşylyk güýji teleskopyň ugruny dogry saklamagyna päsgel berýär we kosmos jisimlerini hepdeläp durnukly synlamaga mümkinçilik bermeýär.
Şu ýylyň tomsunda «Katalyst Space» özbaşdak täjirçilik edarasy enjamy halas etmek üçin synanyşyk geçiren hem bolsa, döreýän päsgelçilikler we tehniki kynçylyklar sebäpli taslama başa barmady.
Geljekki hepdelerde obserwatoriýa Ýeriň atmosferasyna girip, doly ýanyp ýok bolar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!