«Barselona» bilen «Realyň» duşuşygy bolar
La Liganyň 10-njy tapgyrynyň iň garaşylýan duşuşygy şu gije «Kamp Nouda» geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen 26-njy oktýabra geçilýän gije sagat 01:00-da başlanar.
Ilkinji 9 oýunda ýalňyşman 27 utuk toplan «Barselona» ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Ýöne katalonlar Çempionlar ligasynda «Pari Sen-Žermenden» 4:2 hasabynda utulyp, möwsümdäki ilkinji ýeňlişine sezewar boldular.
«Real» bolsa 21 utuk bilen 3-nji orunda barýar. Madridliler Çempionlar ligasynda «Leýpsigi» 4:1 hasabynda ýeňip, ýagdaýyny gowulandyrdylar.
Eger «Barselona» şu gije ýeňiş gazansa, La Liganyň taryhynda möwsümi yzygiderli 10 ýeňiş bilen başlan ilkinji klub bolar. 1968/69-njy ýyllarda «Real» tarapyndan goýlan 9 oýunlyk üstünlikli rekordy hut prinsipial bäsdeşiniň garşysynda täzelemek üçin iň gowy pursat.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!