| Ashgabat | 20°C
Dünýaden 31.10.2026, 12:21 4

«Binance» hakerleriň hüjümine sezewar boldy

«Binance» hakerleriň hüjümine sezewar boldy

Gije hakerler tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy söwda platformalarynyň biri bolan «Binance»-e sanly hüjüm guraldy. Ekspertleriň çaklamalaryna görä, ogurlanan serişdeleriň möçberi 1,7 milliard dollardan 5,5 milliard dollara çenli ýetip biler. Eger bu maglumatlar tassyklansa, onda bu sanly pullaryň taryhyndaky iň uly talaňçylyklaryň biri bolar.

Platformanyň ýolbaşçylygy häzirlikçe diňe seljeriş işleriniň başlandygyny we müşderileriň balanslarynyň gorag astyndadygyny habar berdi. Şeýle-de bolsa, bu habardan soň dünýä bazarynda aljyraňňylyk döredi.

«Tether (USDT)» we «Circle (USDC)» ýaly durnukly teňňeleri dolandyrýan kompaniýalar ogurlanan 1,7 milliard dollarlyk sanly serişdeler bilen baglanyşykly ýitgileriň ýüze çykandygyny habar berdiler. Şol sebäpli kompaniýanyň hakyky ýitgisiniň näçe boljakdygy heniz takyk belli däl.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!