| Ashgabat | 21°C
Dünýaden 31.10.2026, 12:45 4

Adele bäş ýyldan soň sahna gaýdyp gelýär

Adele bäş ýyldan soň sahna gaýdyp gelýär

Dünýä belli britan aýdymçysy Adele muşdaklaryny begendirmäge taýýarlanýar. Sungat äleminde uzak wagtdan bäri garaşylýan täze albom taslamasy eýýäm başlandy. Aýdymçynyň ýakynda gizlin ýagdaýda Londona dolanyp baryp, özüniň bäşinji studiýa albomynyň üstünde işläp başlandygy habar berilýär.

Habarlara görä, Adele entäk çap edilmedik täze aýdymlaryny ilkinji gezek diňleýjilere ýetirmek üçin ýörite gizlin konsert meýilleşdiripdir. Emma bu çykyş soňky pursatda näbelli sebäplere görä ýatyrylypdyr.

Çeşmeleriň çaklamagyna görä, täze albom 2027-nji ýylda çykyp biler. Häzirlikçe resmi taýdan takyk tassyklama berilmese-de, bu habar muşdaklaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!