«Jumanji-3»-üň täze treýleri görkezildi
«Sony Pictures» studiýasy meşhur «Jumanji» franşizasynyň dowamy bolan «Jumanji-3» atly täze filmiň öňkülerden tapawutlanýan höweslendiriji treýlerini halk köpçüligine ýetirdi. Wideomaterialda bellenilişi ýaly, täze kinolenta ýylyň ahyrynda — 25-nji dekabrda giň ekranlara çykyp başlar.
Wideo oýny ulgamyndaky näsazlygyň netijesinde wirtual dünýä bilen hakyky durmuşyň arasyndaky päsgelçilikler ýykylyp, ýabany tebigat we howply jandarlar göni şäher köçelerine aralaşyp başlaýar. Öňki üstünlikli bölümleriň awtory Jeýk Kezdan filme režissýorlyk edýär. Esasy keşplerde Dueýn Jonson, Kewin Hart, Jek Blek hem-de Karen Gillan çykyş edýärler.
Bu meşhur kino franşizasynyň taryhy ilkinji gezek 1995-nji ýylda Robin Wilýamsyň baş keşbi ýerine ýetiren we syrly stol oýnunyň wakalaryna esaslanan film bilen başlanypdy. Soňra 2017-nji we 2019-njy ýyllarda çykan dowamlary bütin dünýä boýunça milliardlarça dollarlyk girdeji gazanyp, uly meşhurlyga eýe boldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!