| Ashgabat | 29°C
Saglyk 14.09.2026, 11:14 2

Garpyzy çörek bilen iýmekligiň zyýanlydygny siz bilýärdiňizmi?!

Garpyzy çörek bilen iýmekligiň zyýanlydygny siz bilýärdiňizmi?!

Garpyzy çörek bilen iýmek esasan iýmit siňdiriş ulgamyna agram düşürmegi we gandaky şekeriň çalt ýokarlanmagyny döredip biler. Garpyz örän çalt (20–30 minudyň içinde) siňýän önümdir. Çörek bolsa çylşyrymly uglewod bolup, köp wagty talap edýär.

Olary bilelikde iýeniňizde garpyz aşgazanda saklanyp, gazyň döremegini güýçlendirip biler. Garpyzyň düzümindäki köp mukdardaky suw we şeker çörek bilen gatyşanda aşgazanda çişiň döremegine getirip biler.

Garpyz hem, ak çörek hem ýokary glikemiki indekse eýedir. Olary bile iýmek ganda şeker mukdarynyň birden ýokarlanmagyna getirer. Garpyzyñ peýdalaryny görmek üçin ony başga iýmitler bilen garyşdyrman, esasy naharlardan 1–2 sagat öň ýa-da soňra özbaşdak iýmek maslahat berilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!