Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary işe çagyrylýar
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi şu ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumynda sagat 10:00-dan–12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmekleri, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklary haýyş edilýär.
Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:
800 243 6-06-95
800 243 5-00-94
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!