Ýer 45 ýylyň içinde 11,3 trillion tonna buz ýitirdi
Halkara alymlar topary ýarym asyra golaý wagt bäri (1970-nji ýyllardan 2023-nji ýyla çenli) dowam edýän 27 sany sputnik missiýasynyň we 42 sany garaşsyz bahalandyrmanyň maglumatlaryny birleşdirdi.
Barlagyň netijeleri agzalan döwürde Grenlandiýanyň we Antarktidanyň 11,309 ± 565 milliard tonna buz ýitirendigini görkezdi.
Buz örtüginiň ýok bolmagynyň esasy sebäbi üstki gatlagynyň eremegi däl-de, eýsem olaryň hereketiniň tizleşmegi we buz bölekleriniň gönüden-göni deňze dökülmegidir.
Ýewropa Kosmos Agentliginiň maglumatlaryna görä, deňiz derejesiniň soňky ýokarlanmasy eýýäm 6 milliondan 9 milliona çenli kenarýaka ilatyna her ýyl suw joşmasy we eroziýa howpuny salýar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!