Xiaomi 18 Fold kompaniýanyň iň tiz satylan smartfony boldy
Eplenýän Xiaomi 18 Fold smartfony satuwyň birinji hepdesinde 80 müň töweregi nusgada satyldy. Şeýlelikde, ol şu döwür üçin Xiaomi-niň taryhynda iň köp satylan eplenýän smartfon boldy.
Esasy kamerada 200 megapiksellik HP5 datçigi ulanylan. Şeýle hem, 3,5 esse zoom edip bilýän JN5 datçikli 50 megapiksellik periskop modul we fokus aralygy 17 mm bolan giň burçly kamera oturdylan.
Täze modele Leica-nyň üç modully kamerasy, kuwwaty 6000 mA·sag bolan batareýa, kabelli 67 Wt we simsiz 50 Wt zarýad beriş ulgamlary ornaşdyrylan. Enjam IP58 we IP59 standartlary boýunça goragly bolup, onda UWB tehnologiýasy we goşa dinamikler bar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!