| Ashgabat | 31°C
Syýasat 22.09.2026, 18:26 2

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Wladimir Putiniň gutlagynda şeýle bellenilýär:

«Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegini dowam etdirip, dünýä giňişligindäki abraýyny barha pugtalandyrýar.

Biz Siziň ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryňyza ýokary baha berýäris.

Biz Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň, Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki işlerimizi dowam etdireris».

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!