Watikan «Oskar» baýragy üçin ilkinji gezek film hödürlär
Watikan «Oskar» baýragynyň 97 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek baýrak ugrundaky bäsleşige gatnaşmak üçin film hödürlär.
Baýraga «Green Lava» («Ýaşyl lawa») atly gysga metražly dokumental film hödürlener.
«Green Lava» filmi 18-nji sentýabrdan 24-nji sentýabr aralygynda Bewerli-Hillzdäki Lumiere Music Hall kinoteatrynda görkeziler.
Şondan soň filmi düşüriji topar ony «Iň gowy gysga metražly dokumental film» kategoriýasynda «Oskar» baýragyna hödürlemek üçin resminamalary taýýarlar.
Bu Watikan tarapyndan düşürilen ilkinji iş bolar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!