Ýaponiýada 1 million rubl baýrakly uklamak çempionaty geçiriler
Ýaponiýada adaty bolmadyk uky çempionaty yglan edildi. Oňa gatnaşyjylar kim çalt we iň çuň uklap biljekdigini görmek üçin bäsleşerler. Ýeňiji takmynan 1 million rubla deň bolan pul baýragyna eýe bolar.
Bäsleşige gatnaşyjylara 90 minut wagt beriler. Olar uklamagyň tizligi we ukynyň çuň ýagdaýa geçmegi we beýleki görkezijiler boýunça bahalandyrylar. Gatnaşyjylary daşarky sesler, dürli şowhunlar, ýagtylyk bimaza edip biler. Hünärmenler şeýle ýagdaýda hem gatnaşyjylaryň ukularyny barlamak isleýärler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!