Ýurdumyzda “Telekeçilik işine giriş” boýunça onlaýn okuw ýola goýuldy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçiler mekdebi” işleýän raýatlar, ýaş çagaly zenan telekeçiler, pensionerler we uzakda ýerleşýän etraplaryň ýaşaýjylary üçin “Telekeçilik işine giriş” ugry boýunça onlaýn okuwlary ýola goýdy.
Onlaýn okuwlar 2 we 3 günlük sapaklar görnüşinde geçirilip, şu ýylyň oktýabr aýynda başlanar. Maksatnamany üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara okuw şahadatnamasy berler.
Şeýle hem onlaýn okuwa gatnaşmaga isleg bildirýänler okuw merkezine barmak arkaly ýa-da onlaýn görnüşde ýazylyp bilerler.
“Telekeçiler mekdebi” şeýle hem buhgalterçilik hasaba alşyň we maliýe hasabatlylygynyň esaslary, 1С maksatnamasynda buhgalterçilik hasaby, işgärler, iş dolandyryş we arhiw işi, 1С maksatnamasynda işgärleri dolandyrmak, telekeçilikde gümrük işiniň esaslary, gid-terjimeçi, kompýuter sowatlylygynyň I, II we III derejeleri, topograf, şeýle hem sanly marketing we sanly mahabat ugurlary boýunça okuwlary guraýar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!