Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyndaky ileri tutulýan garaýyşlaryna hem-de ýurduň sebitleýin we halkara guramalar bilen amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi.
Oňa diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça esasy çemeleşmeleri, şeýle hem ýurduň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerindäki işiniň esasy ugurlary beýan edildi.
Hususan-da, parahatçylyk, howpsuzlyk we hemişelik Bitaraplyk, durnukly ösüş we ulag, energetika, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, ynsanperwer hyzmatdaşlyk, halkara hukugy hem-de BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine üns çekildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!