Türkmen-eýran hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem sebit we halkara düzümleriniň çäklerinde ösdürilmeginiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!