| Ashgabat | 22°C
Syýasat 03.11.2026, 14:08 3

Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Etýen Berhtoldyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we awstriýa-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda ähli tagallalary etjekdigini beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüş depginini bellediler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!