| Ashgabat | 31°C
Jemgyýet 22.09.2026, 18:28 5

Duşanbede ylmy-amaly forum geçirildi

Duşanbede ylmy-amaly forum geçirildi

Türkmenistanyň Duşenbedäki Ilçihanasy Täjigistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkezi bilen bilelikde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy: türkmen-täjik dostlugynyň we çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirdi.

Ilçihananyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, forumyň işine döwlet edaralarynyň, ylym we bilim edaralarynyň, diplomatik korpusyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem iki ýurduň bilermenleri we hünärmenleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekde döwletara yzygiderli gepleşikleriň, dürli derejelerdäki özara saparlaryň we gatnaşyklaryň möhüm ornuna aýratyn üns berildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!