Duşanbede geçiriljek halkara festiwala Türkmenistandan hem döredijilik toparlary gatnaşar
21-26-njy oktýabr aralygynda Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna gabatlanyp, Gurjak teatrlarynyň «Çodari haýel» atly VIII Halkara gurjak festiwal geçiriler.
Oňa Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan, Belarusdan, şeýle-de Hindistandan, Hytaýdan we Mongoliýadan döredijilik toparlary çagyryldy.
Ady tutulan teatryň Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guraýan festiwalynyň maksady gurjak sungaty ugrunda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekden, gadymy täjik halkynyň gurjak sungatyny dikeltmekden we ösdürmekden, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesliň estetiki terbiýesini gowulandyrmakdan we gözýetimini giňeltmekden ybaratdyr.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!