| Ashgabat | 33°C
Jemgyýet 23.09.2026, 14:11 4

Türkmenistanly hudožnik Bahtiýar Hojaniýazow halkara bäsleşikde ýeňiji boldy

Türkmenistanly hudožnik Bahtiýar Hojaniýazow halkara bäsleşikde ýeňiji boldy

Türkmenistanly hudožnik Bahtiýar Hojaniýazow «Jemgyýetçilik diplomatiýasynyň lideri» atly V halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Şu ýylda «Jemgyýetçilik diplomatiýasynyň lideri» taslamasy dünýäniň dürli ýurtlaryndan 300-den gowrak wekili bir ýere jemledi. Halkara tapgyra bolsa 31 gatnaşyjy çykdy.

Halkara tapgyrda dokuz ugur görkezildi — medeni, işewürlik, media, bilim, sport, çagalar we ylym diplomatiýasy, taryhy ýatlama hem-de meýletinçilik.

Türkmenistanly hudožnik Bahtiýar Hojaniýazow bäsleşigiň medeni diplomatiýa ugry boýunça III derejeli sylaga mynasyp görüldi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!