| Ashgabat | 29°C
Sport 21.09.2026, 18:13 1

Sambo boýunça Dünýä Kubogy ýaryşynda türkmen pälwanlary 4 medala eýe boldular

Sambo boýunça Dünýä Kubogy ýaryşynda türkmen pälwanlary 4 medala eýe boldular

Duşanbe şäheri sambo boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä kubogyny kabul etdi. Täjigistanyň paýtagty iki günüň dowamynda birbada üç ugur: sport sambosy, söweş sambosy hem-de görüş ukyby pes bolan türgenler üçin sambo boýunça bäsleşikleriň meýdançasyna öwrüldi.

Türkmen samboçylary abraýly ýaryşy uly üstünlikler bilen jemlediler. Erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşikleriň birinji gününiň jemleri boýunça 19 agram derejesinde ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelän türgenler kesgitlenildi. Şeýlelikde, 71 kilogram agram derejesinde göreş düşekçesine çykan ildeşimiz Sapar Döwletow bürünç medala eýe boldy.

Ýaryşyň ikinji gününde bolsa 88 kilogramda tutluşan zehinli pälwanymyz Abdylla Nazargeldiýew we 98 kg-den ýokary agramda Mälikberdi Begiýew söweş sambosyndan hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy. Sport sambosyndan 50 kilogram agramda bagtyny synan Ykbal Saparowa garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykyp, sambo boýunça Dünýä kubogynyň ýeňijisi boldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!