Toyota kompaniýasy wodorodly Hilux pikapyny çykarar
Toyota kompaniýasy 2027-nji ýylyň «Dakar» ralli ýaryşyna Hilux pikapynyň wodorodly görnüşini çykarmagy meýilleşdirýär. DKR GR FC Hilux diýlip atlandyrylan awtomobil alternatiw energiýa çeşmelerinde işleýän ulaglar üçin göz öňünde tutulan «Future Mission 1000» kategoriýasynda gatnaşar.
Taslama Jameel Motorsport, Denso, IAV we tigir öndüriji Toyo Tires ýaly hyzmatdaşlaryň goldaw bermeginde Toyota Gazoo Racing bölümi tarapyndan durmuşa geçirilýär. Pikap takmynan 1000 km aralykdaky ýörite bölekleri geçmeli bolar.
Synaglaryň dowamynda alnan tejribäni 2028-nji ýylda çykmagy meýilleşdirilýän seriýaly wodorodly Hilux-y döretmekde ulanmak göz öňünde tutulýar. Ýol görnüşiniň 400 km-den gowrak ýol ätiýaçlygyna eýe bolmagyna we ulagyň agramy 2,5 tonna çenli bolan tirkegi çekip bilmegine garaşylýar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!