Indi robotlary hem robotlar öndürer
Hytaýyň günortasynda dünýäde ilkinji «akylly» önümçilik kärhanasy işläp başlady, ol adamsypat robotlary öndürýär.
Kärhana ýylda 10 müň robot öndürmäge niýetlenendir. «UBTECH Robotics» kompaniýasynyň wekilleriniň sözlerine görä, zawodda her on minutda bir gumanoid-robot öndürilýär.
Kärhanada «robotlary öndürýän robotlar» nusgasy durmuşa geçirilýär. Ähli işleri sanly «beýni» utgaşdyrýar.
Kärhanada şeýle hem dünýäde ilkinji adamsypat robotlar üçin doly awtomatlaşdyrylan stereoskopiki ambar döredildi. Onuň bary-ýogy 65 inedördül metr meýdany bolup, 112 sany roboty ýerleşdirmek mümkin.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!