«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi: Ýeňijiler belli boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlar “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy.
Olaryň arasynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Kerem Atabaýew, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 4-nji ýyl talyby Perhatmuhamet Esenow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýlar Şöhradowa, Balkan welaýat Medeniýet müdirliginiň Etrek etrap medeniýet bölüminiň Madaw oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Baýrammyrat Ýakubow, Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Akdepe etrap medeniýet merkeziniň tans artisti Röwşen Kakaýew, Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Dänew etrap medeniýet bölüminiň Ýyldyz oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Atamurat Muhtarow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Mähri Akmyradowa dagylar bar.
Bu bäsleşik köp sanly täze ýyldyzlaryň ýüze çykmagynda möhüm orna eýedir.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!