| Ashgabat | 33°C
Medeniýet 23.09.2026, 14:14 1

«Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly baýramçylyk konserti geçirildi

«Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly baýramçylyk konserti geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly baýramçylyk konserti geçirildi.

Konsertde Garaşsyz Watanyň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylaryň çykyşlary oňa aýratyn öwüşgin çaýdy. Olaryň ajaýyp sahnada ýerine ýetiren aýdym-sazly tans kompozisiýasy şatlyk-şowhuna, çagalar döredijiliginiň päkligine beslendi.

Şeýle hem onda sungat ussatlarynyň ýürek joşguny, yhlasy, zehini tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Aýdym-saz sungatlarynyň ussatlary bilen bir hatarda sungat ýoluna ýaňy gadam basan ýaş ýerine ýetirijiler hem çykyş etdiler.

Olar häzirki zaman liriki eserleri, halk köpçüliginiň söýgüsini gazanan halk aýdymlaryny we täze eserlerini ýerine ýetirdiler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!