| Ashgabat | 30°C
Syýasat 16.09.2026, 11:23 3

Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanan tegelek stol geçirildi

Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanan tegelek stol geçirildi
Фото: https://mfa.gov.tm/

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde geçiriljek mejlisine bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Oňa Pakistanyň Ýaşlar parlamentiniň Prezidenti Ubaýd Ur Rehman Kureşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti barada pikir alşyldy. Öňde boljak mejlisiň gazanylan netijeleri jemlemek, şeýle hem ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň geljekki ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek babatda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka boljakdygy bellenildi.

Taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky halkara başlangyjynyň ähmiýetini hem bellediler. Degişli Kararnamanyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 78 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilendigi nygtaldy.

Şeýle-de taraplar iki ýurduň ýaşlar we parlament düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, tejribe alyşmagy giňeltmäge, şeýle hem Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!