Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistana gelmäge çagyrdy
Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!