Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ankara şäherine amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerine seredildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şol bir wagtda şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň XIII sammitine gatnaşyp, bu ýerde çykyş etdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!