Türki döwletleriň medeni seýilgähi açyldy
Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Dabara Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Tufan Erhürman, Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow hem-de TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti dabaranyň beýleki gatnaşyjylary bilen bilelikde seýilgähde bag nahallaryny oturtmak çäresine gatnaşdy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!