Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi. Maslahat dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini hem-de olaryň ata Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere, gazanylýan uly ösüşlere, beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesine tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny aýdyň görkezdi.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň netijeleri we türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda dünýä türkmenleriniň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň gün tertibindäki meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi.
Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyzystandan, Owganystandan, Germaniýadan, Eýrandan gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurt bölümleriniň işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Olar her gezek Türkmenistana gelenlerinde haýran galdyrýan ösüşleri görüp, muňa örän buýsanýandyklaryny, Garaşsyzlygyň diňe bir ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabady däl, eýsem, tutuş türkmen topragyny tanalmaz derejede özgerdendigini nygtadylar.
Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işjeň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
Maslahat tamamlanandan soň, bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!