| Ashgabat | 25°C
Jemgyýet 05.11.2026, 13:35 4

Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz – Gazagystan böleginiň açylyş dabarasy boldy

Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz – Gazagystan böleginiň açylyş dabarasy boldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz – Gazagystan böleginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Ýer düşeginiň ini 27,5 metre deň bolan bu döwrebap awtomobil ýolunyň gatnaw bölegi her biriniň ini 9 metr bolan iki ugurdan ybaratdyr. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny we amatlylygyny üpjün etmek maksady bilen, ini 3,5 metr bolan bölüji zolak, şeýle hem ýoluň her tarapynda ini 3 metr bolan ýol gyralary göz öňünde tutuldy.

Awtomobil ýolunyň gurluşygy halkara standartlaryna laýyklykda amala aşyryldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!