| Ashgabat | 25°C
Jemgyýet 05.11.2026, 13:39 4

Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýoly nähili gurlar?

Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýoly nähili gurlar?

Türkmenistanyň Prezidentiniň ak patasy bilen gurluşygyna badalga berlen, Aşgabat şäheriniň «Oguz han» suw çüwdürimler toplumyndan başlanýan, umumy uzynlygy 546 kilometre barabar bolan Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýoly dört tapgyrdan ybaratdyr.

0–9-njy kilometr: Paýtagtyň çägindäki bu bölek ýer düşeginiň ini 65 metre deň bolan, 8 zolakly giň magistraldyr. Bu ýerde iki taraplaýyn pyýada ýollary, gök zolaklar we ýanýollar arkaly şäher içindäki ulag hereketini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

9–48-nji kilometr: Bu bölekde ýer düşeginiň ini 34 metr bolup, 6 zolakly ýol ulag akymynyň bökdençsiz hereketini üpjün eder.

48–527-nji kilometr: Ýer düşeginiň ini 26,5 metre deň bolan 4 zolakly bu uzyn ýol bölegi sebitara söwdanyň we syýahatçylygyň ösmegine täze mümkinçilikleri döreder.

527–546-njy kilometr: Awtomobil ýolunyň soňky böleginiň ýer düşeginiň ini 34 metr bolup, ol 6 hereket zolagyndan ybarat bolar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!