| Ashgabat | 25°C
Jemgyýet 05.11.2026, 13:42 3

Daşoguzda guruljak azotly dökünleri öndürýän toplum haýsy daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan gurlar?

Daşoguzda guruljak azotly dökünleri öndürýän toplum haýsy daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan gurlar?

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde azotly dökünleri öndürýän täze, iri önümçilik toplumynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Bu taslama «Gap Inşaat» kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar.

Ammiak selitrasyny öndürýän önümçilik desgasy Germaniýanyň, karbamid öndürýän önümçilik desgasy bolsa Niderlandlaryň kompaniýalarynyň tehnologiýalary esasynda gurlar.

Zawodda önümçilik üçin esasy çig mal hökmünde tebigy gaz ulanylar. Deslapky hasaplamalara görä, toplumyň ýylda 630 million kub metr tebigy gaz we 6 million kub metr suw sarp etmegi göz öňünde tutulýar.

Taslama laýyklykda, täze toplumyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitrasy dökünlerinden ybarat bolar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda bu toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!