Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň, duşuşyklaryň ýurtlaryň parlamentleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge, parlament diplomatiýasyny ilerletmäge, şeýle hem kanun çykaryjylyk we parlament işinde öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler.
Şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hem pikir alşyldy. Bu mejlisiň agza ýurtlaryň milli kanunçylyk ulgamyny we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy bellenildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!